Zlatanyň ugry Los Anželes

Çap Edildi: Anna, 9 Mart Ý

Zlatan Ibrahimowiç Mançester Ýunaýtedden gaýtdy we ol häzir Los Anželes Galaksynyň oýunçysydyr.

Galaksa göçüş ýylyna 1 million funta barabar boldy we Ibrahimowiç indiki hepde Kaliforniýa syýahat eder.

36 ýaşly Şwesiýaly ýyldyz sezonyň ahyryna çenli şertnama gol çekdi hem-de 31-nji martda LAFC bilen oýnaljak duşuşykda öz çykyşyny görkezmegine garaşylýar.

Zlatan öz hoşlaşyk sözüni Instagramda (aşakda) aýtdy. Anna güni Los Anželes Taýmdaky goýuljak bir doly sahypa habar hem onuň Galaksa gelmegini tassyklar.

“Beýik zatlar hem ahyr soňy soňlanýar we Mançester Ýunaýted bilen geçiren iki ajaýyp sezonymdan soňra indi dowam etmeli. Kluba, janköýerlere, topara, tälimçä işgärlere we meniň bilen ol döwri paýlaşan ähli adamlara sagbolsun aýdýaryn.”

Galaksy tersini öňe sürse-de, bu göçüş Barselonada, Aýaksda, Pariž Seýn-Žermanda, Ýuwentusda we iki Milan klublarynda oýnan hüjümçiniň ýokary karýerasynyň tamamlanýandygyny aňladýar.

Source:football.com

Seretmeler: 42