Samsung Kompaniýasynyň Iň Täze Görünmeýän 4k Telewizorlary

Çap Edildi: Çarşenbe, 4 Maý Ý

Häzir görünýär, soňra ýitýär.

Eger siz otagyňyzyň dörtden üç bölegini tutýan bu inçe ekrany gelşiksiz görseňiz, onda Samsung bu meseläni aradan aýyrýar.

Tehnologiýa äpediniň QLED TV-leriň hataryna täze goşan açyşy, onuň “Ambient” (daşky) režimi saýasynda arka fondaky islendik reňkler bilen utgaşmaga ukyplydyr.

Gurnamazdan ozal ekranyň gurnaljak ýerini diňe surata alyň we ýokary tehnologiýa ekrany arka fon bilen utgaşyp şekilleri täze görnüşde görkezmek arkaly ekrany göze görünmän galýar. Siziň bary görýän zadyňyz bolsa, döwrebap sungat eserindäki ýaly inçe we boş çarçuwadyr.

Öz içindäki taýmeri arkaly ony öçürip, elektrik toguny tygşytlamak hem mümkindir. “Ambient” (daşky) režiminden başga-da, QLED ekrany SmartThings programmasynyň üsti bilen akylly öý tehnologiýasyna baglanmak mümkinçiligini döreder:

Quartz-da onuň ukyplary barada goşmaça maglumatlar bar:

Samsung-yň iň täze telewizorlary “Amazon Echoes”, “Ring doorbells”, we “Philips Hue lights” ýaly SmartThings ulgamyna birigip bilýän islendik akylly enjamlary dolandyrmakda ulanylyp bilinýär. Bixby tarapyndan işledilýän pulta gepleseňiz, öýüňizdäki akylly enjamlar siziň buýruklaryňyza jogap berer. Bu aýratynlyk Samsung-yň täze Galaxy akylly telefonlarynda hem bardyr.

Telewizorlaryň 49" (dýuým)-dan 88" (dýuým) aralygynda bäş sany modelleri bolar. Resmi bahalary heniz kesgitlenmedik bolsa-da, iň gowy we iň uly QLED telewizorlaryny almak üçin $20,000-a golaý harjamagyňyz mümkindir.

Source:maxim

Seretmeler: 17