Apple Aýlawly iPhone Ekranlary We Degmesizden Dolandyrmagy Göz Öňüne Tutýar

Çap Edildi: Anna, 10 Aprel Ý

Geljek ýakynlaşýar.

Indiki iPhone aýlaw şekilli bolsady, hem-de basyp ýörmän, eýsem edil orkestra dirižýory ýaly el hereketleriňiz arkaly dolandyryp bolsa neneň bolardy?

Eger Bloomberg-iň hasabaty dogry çyksa, onda munuň hakykatdan-da bolmagy ahmal.

Bloomberg-iň görkezmelerine laýyklykda Apple kompaniýasy el hereketleri arkaly käbir funksiýalary ýerine ýetirýän telefony döretmek isleýär. Bu diýmek, programmany geçirmekçi bolanyňyzda ol siziň hereketiňize jogap berer we geçirer. Şol bir wagtyň özünde hem tehnologiýa äpedi aýlawly akylly telefony göz öňüne tutýar.

Bloomberg:

Munuň bilen tanyş bir adamyň aýtmagyna görä, Apple kompaniýasy ýokardan aşaklygyna içine tarap aýlawly iPhone telefonyny işläp taýýarlaýar. Bu Samsung akylly telefonlaryň ekranyndan tapawutlydyr, sebäbi olaryň ekranynyň diňe uçlary aýlawlydyr.

Aýlaw ekranlar barada aýdylýanlara gara çynymyz bilen ynanmak heniz irräk. Göýä bu hem Apple myş-myşlarynyň biri bolup biler.

Bloomberg Apple kompaniýasyndan hiç bir jogap almady – olar hiç wagt hem jogap bermeýärler. Netijede, bu täze aýratynlygy diňe çykan wagty görmek bolar - eger çykaýsa. Bloomberge habar beren näbelli çeşmeleriň aýtmagyna görä, aýlaw ekranly telefonlar indiki üç ýylyň içinde çykmagy mümkin.

 

Source:maxim

Seretmeler: 54