Älemiň Ilkinji Lýuks Otelini Indi Bronlap Bilersiňiz

Çap Edildi: Anna, 10 Aprel Ý

Ol 320 kilometr beýiklikde we her gijesine $792,000.

“Total Recall” filminde Arnold Şwarzneggerden bir zady öwrendik, ol hem elbetde planetara gezelenje gitmekligiň iň erbet pikirdigi. Ýöne kosmosda 12-günlük dynç alyş nä?

Örän maksada-okgunly täze tehnologiýa kompaniýasy bolan Orion Span, Aurora stansiýasynda lýuks otel ýerleşdirip bu pikiri durmuşa geçirmek isleýärler.

Dört ýyldyzly otelde jemi 6 myhman astronawtyň hyýallaryny başdan geçirer.

Orion Span kompaniýasynyň baş ýerine ýetirijisi Frank Bungeriň Forbes-e beren maglumatlaryna görä olar älem gezelenjiniň meýilnamasyny jikme-jik işläp taýýarlapdyrlar. 

“Myhmanlar oteliň içinde 320 kilometr ýerden beýiklikde aýlanyp, dartyş güýji elmydama nol bolar” – diýip Bunger aýtdy.

“Şeýle hem biz kosmosda iýmit ösdürmek ýaly käbir zatlary barlap göreris we myhmanlarymyz hem olary öýlerine ýadygärlik sowgat hökmünde alyp gidip bilerler. Soňra, Star Trek filmindäki holodek diýlip atlandyrylýan wirtual hakykylygy gurnarys."

"...Myhmanlar öz ýakynlary bilen ýokary tizlikli simsiz internet arkaly habarlaşyp bilerler. Şeýle hem haçanda biziň myhmanlarymyz ýere dolanyp gelende, olar gahrymanlarça garşy alnar.”

Mundan başgada siz öz 24 sagatlyk gün tertibiňizi doly üýtgetmeli bolarsyňyz. Otel her 90 minutda bir gezek ýeriň daşyndan aýlanar. Şeýlelikde syýahatçylar her 24 sagatda 16(!) gezek günüň doguşyna şaýat bolarlar.

Bu elbetde gymmat bolup biler, we bu şeýle-de! Her gezelenjiň özi $9.5 million dollara barabardyr. Muňa garamazdan, kosmos tejribesinden daşary size hyzmat etjek iki sany işgär hem berkidiler.

Eger ýokardaky akyla sygmajak pikir belki sizi haýran galdyrýandyr, emma Orion Span 2022-nji ýylda Aurora stansiýasy açylanda siziň ilkinji syýahatçy bolmagyňyza kepil geçmek üçin häzirden $80,000 depozit alýar.

 

Source:maxim

Seretmeler: 13