Huawei P20 Pro – Üç Kameraly Ýeke-Täk Telefon

Çap Edildi: Sişenbe, 4 Aprel Ý

Özüniň resmi tanyşdyrylyşyndan soňra, Huawei P20 Pro kompaniýanyň iň öňdebaryjy telefonuna öwrülip, şu ýylyň iň ajaýyp täze telefony boldy.

P20 PRO özboluşly dizaýny we täze kamerasy bilen beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýar. Ol şu çaka çenli telefonda ozal görülmedik iki aýratynlygy öz içine alýar: üçli kamera ulgamy we ýagtylyga görä üýtgeýän iki äheňli reňkleýiş. Eger arka tarapdaky aýnasy barmak yzlary we hapalary özüne magnit ýaly çekmese, men muňa hakyky sungat eseri diýip bilerdim.

Ajaýyp kamera ulgamy barada belläp geçsek, Huawei kompaniýasy P20 Pro-nyň arkasyna üçünji linzany goşup, ol bolsa 8-megapiksel, optiki durnukly telefoto kamerasydyr. Bu bolsa 3 esse optiki zuma (ýakynlaşdyrma) mümkinçilik döredýär. Huawei-niň adaty usuly bolan, ýagny monohromadan we reňk sensorlaryndan birwagtda alnan maglumatlary birleşdirmek heniz hem bar. Emma bu gezek reňk sensory haýran galdyryjy 40 megapiksele ýetdi. Huawei AI-daky obýekt tanama derejesi hem ýokarlandy.

Öň tarapynda bolsa Huawei 24-megapikselli “selfi” kamerasyny oturtdy. Öň tarapdaky kamera telefon displeýiniň iň ýokarsynda ýerleşýär. Ýogsa-da, displeý 6.1-dýuýmly Full HD+ OLED panellidir. Telefonyň aşaky tarapynda adaty Huawei öý düwmesi we barmak yz sensory ýerleşdirilendir.

Bu telefonyň Kirin 970 prosessory, 4,000mAh batereýasy we 6GB RAM-y, 128GB ýady, iki-SIM karta ýaly başgada aýratynlyklary bar. Android 8.1 Oreo-da gurnalan Huawei-niň iň soňky görnüşi bolan EMUI hem kompaniýanyň täze telefonlarynyň içinde öňünden gurnalýar.

P20 Pro 6-njy aprelde €899 satylyp başlanar.

 

Source:theverge

Seretmeler: 117