Apple Kompaniýasy Apple Pencil Goldawly We A10 Fusion Çipsetli Täze $329-Lyk Ipad Barada Habar Berdi

Çap Edildi: Sişenbe, 4 Aprel Ý

Apple kompaniýasy täze amatly bahaly iPad modeli bilen tanyşdyrdy.

Täze planşet geçen ýyl şol bahadan satuwa çykarylan başlangyç derejeli modelden üstün çykdy. Beýleki üýtgeşmelerden başgada, onuň iň esasy aýratynlygy Apple Pencil üçin doly goldawynyň barlygydyr.

IPS ekran tehnologiýasy üýtgemän, şol 9.7" diagnal we 2048 x 1536-lyk örän ýokary (Retina) rezolýusiýalylygyna galdyryldy. Gynansak-da beýleki gymmat bahaly iPad-lar bilen deňeşdirilende Pencil goldawyndan başga ýokary aýratynlyklaryň hijisi ýok.

Ozalky ýylyň amatly bahaly iPad-y Apple A9 çipsetinde işleýärdi. Emma bu täzesi bolsa ondan ýokary bolan hem-de iPhone 7-leri işledýän A10 Fusion-da işleýär. Bu örän güýçli dört prosessor bolup, ol täze iPad-yň Augmented Reality programmalaryny ulanmaga mümkinçilik döredýän grafiki özgertmeleri bilen tapawutlanýar.

Täze iPad-yň 8 megapikselli esasy kamerasy hem islendik iş üçin ýeterlikdir. Ol 1080p HD wideo hem ýazgy etmäge ukyply. Öň tarapynda selfiler we wideo jaňlar üçin niýetlenen kiçijik 5 megapikselli kamera ýerleşdirilendir.

Bu täze iPad okuw maksatlarynda ulanylmak üçin niýetlenendir. Şeýlelikde, Apple-yň üstünde işleýän birnäçe täze aýratynlyklary Apple Pencil ulanmak arkaly okuw maksatlary üçin niýetlenilýär.

 

Source:phonearena

Seretmeler: 27