Sizi «Uçurjak» 5 Ýoga Pozisiýasy

Çap Edildi: Sişenbe, 1 Maý Ý

Elbetde, sagdyn durmuş üçin, hem-de şikesiň öňüni almak üçin gerinmek örän wajyp bolsa-da, onuň aşa içgysgynçlygy esasy mesele bolup galýar.

Bu prosesi biraz işjeňleşdirmek üçin, hem-de içgysmany azrak aýyrmak üçin, biz Krissi Jons bilen söhbetdeş bolduk. Ol özüniň iň agyr gerinme türgenleşikleri baradaky tejribesini ulanyp, siziň türgenleşigiňizdäki iň köp üns berilmeýän maşklara gaýtadan höwes döreder.

Toubreýkr («dyrnak döwüji»)

Dyzyňyzy ýere, ökjäňizi ýanbaşyňyza degrip ,aýak barmaklaryňyz ýere direnip dursun. Siziň aýak barmaklaryňyzyň ujundan tä ökjäňize çenli aralyk ýere perpendikulýar (ýagny, 90 gradus) bolmalydyr. Elleriňizi kelläňiziň arkasyna uzadyň, barmaklaryňyzy baglaň, arkaňyzy çekdiriň, gerek bolsa azajyk yza ýaplanyň. Uludan on gezek dem alyň. Bu pozisiýa aýak myşsalaryňyzdaky agyryny çekdirýär — diýip­, Jons aýdýar. Bu esasanam «plantar fasciitis» atly aýak keselinden ejir çekýänler üçin örän peýdalydyr.

Öňe egilme

Bir desmaly ýa-da ýapynjany togalaň we ony aýagyňyzyň aşagyndaky togalak mäziň astyna goýuň. Dik duruň, ökjäňizi ýere degriň we aýak asty togalak mäz bolsa şol dolanan desmala galdyrylgy dursun. Aýaklaryňyzyň aralygyny biliňiziň aralygynda saklaň. Dyzlaryňyzy çala epläp, öz göwräňizi öňe egiň. Öz elleriňizi ýere uzadyň. Bu ýagdaýda saklanyp, 10 gezek dem alyň. Bu ikr we bud myşsalarynyň ählisini birlikde işledýär.

Bil maşky

Dyzlaryňyzy epläp, aýaklaryňyzy ýere degrip arkan ýatyň. Sag topugyňyzy çep dyzyňyzyň üstüne epläp goýuň — şeýlelikde siz «4» sanyň şeklini ýasarsyňyz. Soňra, çep buduňyzyň arkasyna barmaklaryňyzy birikdirip, çep buduňyzy döşüňize tarap çekiň. Şu maşky beýleki aýagyňyz üçinem ediň. Aýaklaryňyz çekdirilgi bolsun, we ýanbaşyňyzy ýerde saklamaga çalşyň. Şu pozisiýada saklanyp 10 gezek dem alyň (her aýak üçin).

Köpri

Arkan ýatyň, dyzyňyzy epläň we aýaklaryňyzyň aralygyny bil aralygy ýaly açyň. Islendik bir çala beýik zady türräňiziň — oňurganyň çanaklyk süňki bilen birigýän ýerine — aşagyna goýuň. Dyzyňyzy we aýak barmaklaryňyzy gyşartman göni saklaň. «Şu pozisiýa psosany rahatlandyrmaga kömek edýär. Ol türräni aýaklara birikdirýän esasy düýp myşsa» diýip, Jons aýdýar.

Source:gq

Seretmeler: 13