Iň Köp Ýaýran 7 Fitnes Ynançlary We Olaryň Nädogrylygynyň Subudy

Çap Edildi: Duşenbe, 7 Maý Ý

Siz, megerem, beden türgenleşigi barada köp zatlary bilýänsiňiz. Eger birden ylym siziň ulanýan we ynanýan türgenleşik kadalaryňyzyň biriniň täsirsizdigini aýtsa, siziň kelläňiziň bulaşmagy ahmal.

Biz bilýäs: Biz elmydama fitnes ylmyny okaýas. Dünýädäki türgenleşik studiolarynda we zallarynda «alymlaryň aýtmagyna görä» diýen söz birnäçe gapma-garşylyklary döredendir.

Ynanç - 1: Pres köpräk etseň presiň gowy çykar

Hakykat: Eger siz günortanlyk we arakesme wagtlary türgenleşik zallaryna gatnaýan bolsaňyz, onda siz presi (ýatyp-galyp garnyňy işletmek maşkyny) mümkin köpräk edýänsiňiz – emma olar hakyky 6-kubik prese ýetmek üçin peýdasyzdyr. Onuň deregine, bilermenler prese ýetmek üçin ara wagt salyp türgenleşmegi, uglewodlardan täsirli peýdalanmagy, ýeterlik uky alynmagyny, stres derejelerini peseltmegi hem-de, elbetde, dogry türgenleşik maşklaryny saýlamaklygy maslahat berýärler. «Eger siz kubik-kubik presli daýaw türgenlere ser salsaňyz, olar oňa pres etmek arkaly ýeten däldirler» - diýip, Erik Alleniň şahsy tälimçisi aýdýar. «Olar oňa ýetmek üçin skuat (oturyp-turma), dedlift (egilip-galma) we turnik edýändirler».

Ynanç 2: Kardio ilkinji edilmelidir

Hakykat: Öz türgenleşik zalyňyzyň gapysynda säginip, indiki geljek 10 adamy bir synlaň. Siz olaryň ilki ylgalýan enjama tarap barjagyny görersiňiz. Emma türgenleşik meýilnamalarynyň iň täsirlisi, güýç türgenleşigini ilki edip, kardiony (ylgamak, ýüzmek, we beýleki ýürek maşklaryny) soň etmeli. «Ylgamak ýa-da beýleki kardio maşklaryny ilki etmeklik glisogen derejelerini peselder we netijede ähli güýjüňiz bilen türgenleşip bilmersiňiz» diýip, Allen düşündirýär. «Mundan başga-da, ilki agyrlyk türgenleşigini etmek testosteron we kortisol derejelerini ýokarlandyrýar we netijede türgenleşigiňize has peýdaly bolýar».

Ynanç 3: Doly oturyp skuat etmeli däl

Hakykat: «Meniň müşderilerimiň No.1 fitnes ynanjy olam oturanyňyzda 90 gradusdan aşak düşmeli däl» diýip, Allen aýdýar. Soň, onuň türgenleri doly oturyp turmagyň sagdyn we howpsuz hereketdigine dessine düşünýärler. Hatda biz bu hereketi gündelik edýäris. «Doly oturmagyň iň täsirli usuly ýere deger-degmez derejede çökmek, bud myşsaňyzyň ikr myşsaňyza doly degirip, döşüňizi öňe etmekdir» diýip, ol gürrüň berýär. «Bir zady ýere gaçyryp ony aljak bolýan adama serediň – bu tebigy hereketdir».

Ynanç 4: Her türgenleşikden soňra elektrolitli bir zat içmeli

Hakykat: Adaty dury suw hem sizi birnäçe türgenleşiklerden alyp çykar. Emma sport içgileriň reklamalary bolsa munuň tersini subut etmäge çalyşýandyr. Elektrolitli sport içgileri diňe bir sagat ýa-da ondan uzak wagtlyk agyr türgenleşik we kardio sessiýalary üçin zerurdyr. Sport içgilerindäki artykmaç şeker ýag siňdiriş prosesini haýalladyp biler, şeýlelikde, olar diňe hakykatdanam zerur bolan wagtlary ulanylmalydyr.

Ynanç 5: Statik gerinme hökmanydyr

Hakykat: Statik (hereketsiz gerinme) gerinmäni her türgenleşikden ýa-da sport çäresinden öň etmeli diýip köp gaýtalanylýan bolmagy mümkin, emma soňky barlaglaryň netijesinde onuň hakykat däldigi subut edildi. Hatda, «türgenleşigiň öňüsyrasynda edilýän statik gerinme siziň güýjüňizi peseldip biler» diýip, Allen belläp geçýär. Onda oňa nädip çözgüt tapmaly? Elbetde, statik gerinme türgenleşigiň ahyrynda edilse, we dinamiki (hereketli) gerinme-de türgenleşigiň başynda edilse örän täsirli bolýar.

Ynanç 6: Eger derlemeýän bolsaň, gowy türgenleşýän dälsiň

Hakykat: «Hakykatda bolsa ol siziň türgenleşigiňize bagly» diýip, Allen aýdýar. «Agyrlyk götermek boýunça Olimpiada gatnaşyjy türgen diňe güýç üçin türgenleşip, her göterişden soňra öz nerw ulgamyna dynç bermek üçin birnäçe minutlyk arakesme alar». Ol belki derleýän däldir, emma ol hemmelerden agyr türgenleşýändir. Öz derlemegiňiz ýa-da derlemezligiňiz barada gaýgylanyp ýörmäňde, öz türgenleşigiňiziň güýç ýa-da çydamlylyk üçindigini kesgitläň.

Ynanç 7: Ylgap kilo aýryp bilersiňiz

Hakykat: «Adamlary kardio diýen düşünje gurşap alypdyr» diýip, Allen aýdýar. Emma kilo ýitirmek barada gürrüň edilende, ylgalýan enjama wagtyňy gidirenden güýç türgenleşiklerini (gantel, ştanga we ş.m) etmek kilolary aýyrmakda has täsirlidir. «Ara wagt salyp türgenleşmek we güýç türgenleşigi ýaglary aýyrmakda has netijelidir» diýip, Allen belläp geçýär. Elbetde, ýatda saklaň, türgenleşik zallarynda näçe köp kaloriýalary aýyrsaňyzam, berhiziňize seretmeseňiz olaryň hiç parhy bolmaz.

Source:mensjournal

Seretmeler: 97