Çalt Uka Batmak Üçin Iň Gowy 3 Goşundy

Çap Edildi: Duşenbe, 7 Maý Ý

Ukysyzlyk, dynçsyzlyk we oňaýsyz iş sagatlary siziň adaty,süýji ukyňyzyň öňüni alyp biler.

Eger siz gije ýatmakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, onda günüň dowamynda siziň ünsüňizi jemlemäge hem-de özüňizi işjeň duýmaga ýardam etjek käbir zatlar bar. Bu üç tebigy goşundylary hökmany suratda barlaň. Olar siziň ukyňyzy tertibe salar hem-de siziň güýjüňize güýç goşar.

  1. Melatonin

Wagtly-wagtyna ukyny alyp bilmezlik adaty ýagdaýdyr. Siz, megerem, köplenç gijelerine ýatyp bilmän, ýöne oýanyp ýörsüňiz. Bu bolsa bütin hepdäňiziň argynly geçmegine eltip, dynç günlerini bolsa dem-dynjyňyzy almak üçin irkilere ýer gözläp geçirmegiňize sezewar edýär. Eger siziň häzirki uky ýagdaýyňyz hakykatdan-da ýokardaky ýaly bolsa, onda size melatonin kömek edip biler. Ol biziň bedenimiziň öndürýän nerwi gormonydyr. Melatonin goşundylary adatça uky wagtlaryny sazlamaga ýardam etmekde ulanylyp, ol has takygy jet lag (uzak wagtlap uçarda uçulandan soňky ýadawlyk) we ukysyzlyk üçin ulanylýar. Adaty ulanyş mukdary .2mg-5mg aralygy bolup, adamdan adama üýtgeýär. Ilki azrakdan başlaň we haýsy mukdaryň size laýykdygyny biliň. Ýatda saklaň: Melatonin uky wagtlaryny sazlamaga ýardam edýär, emma ony gündelik ulanmaklyk maslahat berilmeýär.

  1. L-Seanin

Seanin amino kislotasydyr. Ol biziň adaty berhizimize girmeýär (eger siz aşa köp çaý içmeýän bolsaňyz). Ol rahatlandyryjy derman däldir. Emma onda stresi azaltmaga ýardam edýän köşeşdiriji we rahatlandyryjy signal bar. Seresap boluň: Haçanda ol kafein bilen goşulanda ters täsir edip, hüşgärligiňizi ýokarlandyryp, beýniňizi işledip sizi ukydan alyp galmagy mümkindir.

  1. Glisin

Glisin size nätanyş bolmagy ahmal; ol uka kömek edip biljek amino kislotalarynyň biridir. Onuň ýatmazdan ozal atylan 3g-yk dozasy gijeki ukyny gowulap, gündizki ýadawlygy azaldyp we gije çalt uka gidirip bilýändigini «Sleep and Biological Rhythms» (Uky we biologiki ritmler) atly žurnaldaky çap edilen ylmy-barlag işi tassyklaýar.

Source:mensjournal

Seretmeler: 12