Ýer ýüzündäki iň peýdaly 10 iýmit

Çap Edildi: Anna, 10 Aprel Ý

Bular bilermenleriň barlagyndan geçip subut edilen, kesele garşy göreşiji hem-de energiýa artdyryjy 10 iýmitdir. Bulary öz naharlaryňyza goşuň we dessine sagdyn bedene eýe boluň.

Limon

 — Diňe ýekeje limonda bir adamyň gündelik almaly C witamin mukdarynyň barysy bardyr. Bu bolsa HDL kolesterol derejesiniň ýokarlanmagyna eltip, süňkleri berkidýär. Limondaky bar bolan sitrus flawonoidler rak dörediji öýjükleriň ösmeginiň öňüni alýar we agyrylary aýyrýar.

 

Brokkoli

 — Bir adaty düýp brokkolide bir adamyň gündelik almaly K witamin mukdarynyň 100%-nden gowragy we C witaminiň bolsa 200%-den gowragy bardyr. Bularyň ikisi hem süňk ösdüriji maddalardyr. Şol mukdardaky brokkoli birnäçe rak keselleriniň hem öňüni alýar.

 

Gara şokolad

— Hatda gündelik 7 gram gara şokolad adamyň gan basyşyny peseldip bilýär. Kakao flawonoidlere baý önümdir. Ondaky antioksidantlar zyýanly LDL kolesteroly düşürip, peýdaly HDL derejesini bolsa ýokarlandyrýar.

 

Ýer almasy

 — Bir sany ýer almasynda 66 mikrogram öýjük ösdüriji madda bardyr. Şol mukdar bir düýp brokkoli ýa-da ysmanaga deňdir. Ýekeje süýji ýer almada raga garşy göreşiji we immunitet sistemasyny ýokarlandyryjy A witaminiň gündelik alynmaly mukdaryndan 8 esse köpüsi bardyr.

 

Gyzyl balyk

 — Omega-3 ýag kislotasyna baý bolup, ol depressiýany, ýürek agyryny we rak döremeginiň öňüni alýar. 85 gramlyk mukdary adamyň gündelik almaly niasiniň 50% göteriminden gowragyny üpjün edip, ol Alzheimer keseline hem-de ýatkeşligiň kütelmegine garşy gorap bilýär.

 

Hoz

 — Maňyzlaryň içinde omega-3 ýaglaryna iň baýy hozdur. Ol kolesteroly azaltmaga ýardam edýär.

— Omega-3 ýaglarynyň adamyň keýpini ýokarlandyrmakda we raga garşy göreşmekde peýdalydygy subut edildi. Olar hatda gün şöhlesinden hem goraýar. Desert üçin azrak iýiň: hozlardaky melatonin atly antioksidant ukyny sazlamaga-da ýardam edýär.

 

Awokado

 — Özünde kolesteroly 22% düşürýän peýdaly ýaglara örän baý iýmişdir. Ýekeje awokadoda adamyň bir gündelik almaly folasiniň 40% göterimi bardyr. Ol hem ýürek keselini azaldyp bilýär.

 

Sarymsak

— Sarymsak kesele garşy örän güýçli durup, ol E. koli. ýaly bakteriýalaryň ösmeginiň öňüni alýar.

— Alisin, bu sarymsakda duş gelýän madda bolup, ol güýçli agyry aýyryjysydyr. Ol kolesterol we gan basyş derejelerini peseltmäge ýardam berýär. Ownadylyp suwy çykarylan sarymsak iň köp mukdarda alisini özünde saklaýar.

 

Ysmanak

— Ysmanagyň düzüminde lutein we zeaksansin ýaly iki sany göz üçin immunitet ýokarlandyryjy antioksidantlardan bardyr. Golaýda geçirilen barlaglaryň netijesinde, raga garşy göreşýän ir-iýmişleriň we gök önümleriň arasynda ysmanagyň iň täsirlisidigi subut edildi.

 

Noýba

— Noýbalylar maşgalasyna degişli (noýba, nohut, merjimek we ş.m) gök önümleri iýmeklik adamyň ýürek keselini 22% azaldýar. Ol şeýle hem adamyň gögüs ragyna uçrama howpyny hem peseldýär. Noýba näçe goýy boldygyça, şonça-da köp antioksidantlardan ybaratdyr.

 

Source:fitnessmagazine

Seretmeler: 137