Myşsa almak üçin barlanylan we subut edilen 4 usul

Çap Edildi: Anna, 9 Mart Ý

Siz hem agramyňyzy artdyrmaga howlukýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa öz meýilnamaňyza şu üýtgeşmeleri giriziň.

Türgenleşik zallarynda köp wagt talap etmeýän bu ýönekeý tilsimler bilen türgenleşiň; zähmeti has köprak, emma netijesi örän uludyr.

1) Ters piramida

Ähli piramidalar ýeňil agramly/köp gezekden almaklyk bilen başlaýar we agyr agramly/az gezekden almaklyga geçýär. Şeýlelikde, ilkinji setde 15 gezek, ikinji setde 12 we ş.m. Ters piramidalar bolsa haçan-da myşsalar az ýadanda agyr agramly/az gezekden alnyp başlanýar we has ýeňil/iň köp gezek almaklyk arkaly tamamlanýar. Agraltmak diýmek ösüş diýmekdir.

2) Mejbury alyş

Berlen setdäki gezekleriň sanyny siziň öz fiziki güýjüňiziň alyp biljeginden hem artyk almak üçin ýanyňyzda ýoldaş bolmalydyr. Ol size ahyrky gezeklerde çala ýarda bermeli. Şeýle etmek arkaly siz öz myşsalaryňyzy öwrenişdirersiňiz we alyp bolmajak agyrlyklary almak üçin has güýçlendirersiňiz. Her türgenleşikde bir ýa-da iki mejbury alyş setlerini almaga çalşyň. Bu tilsim haçan-da ýanyňyzda ýoldaş bar wagty has ýeňildir.

3) Dropset

Dropsetler agramlary dessine azaltmaga mümkinçilik döredýän maşyn enjamlarynda has täsirlidir. Maşkyň ahyrky setinde alyp bolmajak derejä ýetilende haýal etmän agramy 20-30% azaldyň we  ýeňil agram bilen ýadaýançaňyz dowam ediň. Iki set alyň, soňra bes ediň.

4) Dynç al - dur

Siz ýoldaşsyz we agramy azaltmazdan ýadaýançaňyz türgenleşersiňiz. Haçan-da iň soňunda başarman goýan halatyňyzda 10-dan 20 sekunt aralygy dynç alyp, ýene-de ýadançaňyz dowam ediň.

 Source: mensfitnessmagazine

 

Seretmeler: 101