Dünýäniň Ilkinji Suwasty Kotežleri Şu Ýylyň Ahyrynda Açylar

Çap Edildi: Sişenbe, 1 Maý Ý

Balyklar bilen ýatmak... edil özi.

Ozalam dünýäniň ilkinji deňizasty restoranyny döreden Maldiwlerdäki lýuks syýahatçylyk zonasy ýakyn wagtlarda suwasty kotežleri gurar.

Konrad Maldiw Rangali adasy 2018-nji ýylyň soňky çärýeginde $15 million dollarlyk maýa goýum saýasynda hakyky suwasty swank tankyny (aýnadan myhmanhanany) açjakdygy barada habar berdi.

Maldiw dilleriniň biri bolan Dhiwehide «koral» diýmekligi anladýan «muraka» ady dakylan jaý, bilelikde dokuz adamy saklap bilmäge ukyply.

Myhmanlar balyklar bilen bile ýatyp, Hindi okeanynyň ajaýyp öwüşginli reňklerine ser salyp bilerler.

Ol iki gat bolup, bir gaty suwdan ýokardadyr.

Onuň suwasty böleginde ýatylýan otag we ýuwunylýan otag bolup, ýokarky gatynda bolsa iki sany ýatylýan otag, iki sany ýuwunylýan otag, myhman hajathanasy, telewizor otagy, aşhana, bar, nahar iýilýän ýer, türgenleşik zaly, hyzmatkäriň burçy we şahsy howpsuzlyk burçlary ýerleşýändir.

«Dynç alynýan ýerde» bolsa şahsy basseýn bolup, siz deňziň ajaýyp görkünden lezzet alarsyňyz.

Bahalary barada heniz resmi habar ýok, emma çak edilişine görä bir gijesine $50,000 dollar bolmagy mümkin.

InsideHook-yň habar bermegine görä, eger ir bronlap goýmasaňyz, kotežler 2018-nji ýylyň ahyrynda gijesine $6,000 bolar.

Source:maxim

Seretmeler: 11