Täze BMW barada syn

Çap Edildi: Duşenbe, 7 Aprel Ý

BMW X2 2018

 BMW SUV-leriň (ilkinji X5) ilkinji tanyşdyrylyşyndan soňra takmynan 20 ýyl geçdi. Häzirki wagtda bu ulag görnüşi BMW kompaniýasynyň 38% göterimini tutup, 2017-nji ýylda 700,000-den gowrak awtomobil satmagy başardy.

X2 şu ýyl ol sany artdyrmagy maksat edinýär. Ol adaty X1-e garanyňda has gelşikli bolup, X sanawynyň iň ykjamlarynyň birine öwrülip, Mercedes GLA we MINI Countryman, hem-de Audi Q3 we Jaguar E-Pace ýaly awtoulaglar bilen bäsleşýär.

Göwrüm we şekil aýratynlyklary X2-ä çalymdaşdyr. Ol BMW kompaniýasynyň SUV-lerine (adaty däl ýollarda ulanylýan ulaglar) asla meňzemän, ýaş müşderiler üçin niýetlenilen awtoulagdyr.

X2-de öň tarapdaky tegelek BMW nyşany we burç şekilli öňki bamper ýaly birnäçe täze aýratynlyklar bardyr. Ulagyň yzky tarapy owadan aýnasy bilen örän gelşikli bolup, umumy alnanda bu ulag sagdynlygy öňe sürýär. Muňa garamazdan, käbir tarapdan seredilende X2 gelşikli SUV-a dälde, eýsem äpet heçbeke çalymdaş.

Içki salony barada durup geçsek onuň aýak goýulýan ýeri X1-e örän meňzäp, onuň kelle üçin ýeri bolsa rahatdyr. 470-litrlik bak sygymy doly ýagdaýda ýeterlikdir, emma X1-e garanyňda onuň sygymy 35-litr azdyr. Öň tarapda bolsa sürüji ýerleşişi pesde ýaly görünýär; bu hem ozal beýik SUV ulaglaryny sürmäge öwrenişen adamlar üçin ylalaşylmaly ýagdaýlaryň biridir.

Şonda-da oňaýly ornaşyň, sebäbi öňi soňy X2 sürmek üçin örän gowy ulagdyr. X1 bilen deňeşdirilende onuň içi hemmetaraplaýyn özgerdi. Daşky stiline garanyňda içki dizaýny has adaty bolup, ähli ýerinde-de hiliniň we açyklygynyň pesdigi görünýär.

X2-niň dartyş merkezi heçbekdäkä meňzeýär. Has dogrusy, X2 ýyndam krossowerdir (çalt çalyşýan) we bu hem öz gezeginde peýdalydyr. Pes tizlikde we oňaýsyz ýollarda sürmek kynrak bolup biler, emma ýokary tizlikde awtoýollarda sürmek örän rahat we ýeňildir.

Motoryň özi hem öz gezeginde örän täsindir. Onuň 400Nm-lik aýlanyş momenti uly aralykdaky aýlawlar üçin elýeterdir we görkezijini dessine göterýän tizligi bilen haýran galdyryjydyr. Şeýlelikde, ol şeýle sesli hem däl we ýangyjy has gowy tygşytlamagy başarýar.

Krossower alyjylary üçin X2 örän özüne çekiji saýlawdyr. Emma bu ulag ozal beýikde serkerde kimin oturyp rul öwren sürüjilere görä asla däl. Mundan başgada onuň bahasy hem ýeterlik derejede gymmat; beýik we ykjam X1 has amatly bahalydyr. Elbetde Mercedes GLA garanyňda X2 gowy ulagdyr we şol sebäpli onuň baýragy hem uludyr.

Netije

X2 BMW kompaniýasynyň ösüp barýan SUV-leriniň hataryna goşulan iň gyzykly ulaglaryň biridir. Onuň pes dartyş merkezi we ýiti rul dolandyryşy saýasynda ony sürmeklik has ýeňildir. Muňa garamazdan bu stilli ulag her kimiň küýsegi bolman hem biler. Ol çala gymmatdyr we ykjamlyk hem-de ýollara has beýikden garaýan alyjylar hökmany suratda X1 bilen gyzyklanmalydyr.

 

Source:autoexpress

Seretmeler: 34